TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

8 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşýar

Futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin geçirilýän Ýewropa yklymy babatda saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Şonuň netijesinde, Lui Wan Galyň ýolbaşçylygyndaky Niderlandlar Patyşalygy bo çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Şeýlelikde, Ýewropa yklymyndan dünýä çempionatyna gatnaşjak 10 ýygyndy şeýle:Bu ýygyndylar öz toparçasynda birinji orny eýelediler. Olar  – Serbiýa, Ispaniýa, Şweýsariýa, Fransiýa, Belgiýa, Daniýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Angliýa, Germaniýa.

Mundna soňra Ýewropa yklymyndan ýene-de 3 milli ýygyndy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin goşmaça ýagny pleý-off tapgyryna gatnaşar. Pleý-off tapgyryna 12 ýygyndy gatnaşýar. Olaryň 10-sy öz toparçasynda ikinji orny eýelediler. 2 ýygyndy hem Milletler Ligasyndaky saýlama tapgyry esasynda goşular.

Ýewropa yklymyndaky toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylar: Portugaliýa, Türkiýe, Ukraina, Uels, Russiýa, Italiýa, Şwesiýa, Şotlandiýa, Demirgazyk Makedoniýa.

Awstriýa bilen Çehiýa bolsa Milletler Ligasyndan saýlanyp, dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin pleý-off tapgyryna gatnaşar.

Pleý-off tapgyry hem kynlaşdyryldy. 12 ýygyndy 2 tapgyrda duşuşar. 2022-nji ýylyň bahar paslynda 24-nji-25-nji martda we 28-nji-29-njy martda geçiriler.

Şeýle hem ýer eýeleri Katardan başga-da Günrota Amerika sebitinden Braziliýa bilen Argentina hem dünýä çempionatyna gatnaşýar.

Ýeri gelende aýtsak, Dünýä kubogy ― 2022-ä AFK-dan dört ýa bäş, CAF-dan (Afrika) üç ýa dört, KONMEBOL-dan dört ýa bäş, UEFA-dan 13, OFK-den (Okeaniýa) bir topar gatnaşar.

Dünýä kubogynyň 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry ― 18-nji dekabry aralygynda geçiriljekdigini ýatladýarys.

 

Messili Argentina dünýä çempionatyna gatnaşar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Dünýä çempionatyny rus teleýaýlymdan görmek bolar

Çempionlar ligasy: “Barselona” ýeňildi

Teswirle