TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messili Argentina dünýä çempionatyna gatnaşar

Katar döwletinde 2022-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin saýlama duşuşyklary geçirildi. Şoňa laýyklykda, Günorta Amerika yklymyndaky saýlama duşuşyklarynyň netijesinde, Lionel Messili Argentinanyň ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Saýlama duşuşyklarynyň 14-nji tapgyrynda Braziliýa bilen Argentinanyň milli ýygyndylary duşuşdy. Braziliýa bir eýýäm dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny gazanypdy.

Duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy we Argentinanyň ýygyndysy hem Braziliýadna soňra 29 utuk toplap, dünýä çempionatyna gatnaşar.

Şeýlelikde, Günorta Amerikada yklymyndan dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin häzirlikçe Braziliýa bilen Argentina hukuk gazandy.

Häzirki wagtda dünýä futbolynyň ägirtleir hasaplanýan braziliýaly Neýmary hem-de argentinaly Messini dünýä çempionatynda tomaşa edip bileris.

Ýöne entek ýene-de bir ägirt Kristiano Ronaldonyň gatnaşyp-gatnaşmajakdygy belli däl. Onuň çykyş edýän Potugaliýa ýygyndysy gönüden-göni gatnaşmak hukugyna eýe bolup bilmedi.

Garyşyk mineral dökünleri öndürmek işi ýola goýulýar

Ýene-de okaň

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Teswirle