SPORT

64 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşýar

Katarda geçiriljek dünýä çempionatynda “B” toparçasynda ABŞ, Eýran we Angliýa bilen oýnajak 4-nji topar boldy. Ol hem Uels boldy. Şeýlelikde, Uels Ýewropadan dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan soňky milli ýygyndy boldy.

Uelsiň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Ukrainanyň milli ýygyndysy bilen duşuşdy. Ukrainanyň milli ýygyndysy 1:0 hasabynda ýeňen Uels dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Uels taryhynda 2-nji gezek dünýä çempionatynda çykyş eder. Ilkinji gezek Uels 1958-nji ýylda dünýä çenpionatyna gatnaşypdy. Şonda çärýek finala çykyp, Braziliýadan utulypdy. Braziliýanyň ýeke-täk goluny bolsa, Pele geçiripdi.

Katardaky dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry-18-nji dekabry aralygynda geçiriler.

 

Nadal 14-nji gezek “Rolan Garros”-yň ýeňijisi boldy

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi