TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

6-njy sentýabrdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 6-njy sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20… +22° maýyl, gündizine +35… +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20… +25° maýyl, gündizine +32… +37° yssy, kenarýaka etraplarynda +27… +32° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +30… +32°, basyşy 751 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Awazada: howa +29… +31°, basyşy 758 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Balkanabat şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 757 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Ahal welaýatynda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17… +22° maýyl, gündizine +33… +38° yssy bolar.

Änew şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 734 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Tejen şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 742 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17… +22° maýyl, gündizine +34… +39° yssy bolar.

Mary şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 739 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Baýramaly şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 738 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17… +22° maýyl, gündizine +34… +39° yssy bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 741 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Kerki şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 735 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +13… +18°, gündizine +30… +35° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +32… +34°, basyşy 753 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Köneürgenç şäherinde: howa +31… +33°, basyşy 755 mm, çyglylygy 20 — 40%.

 

6-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabady sapary

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle