SPORT

49 ýyldan soňra rekordy täzeledi

Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski bir möwsümde 41 gol geçirip, 49 ýyllyk rekordy täzeledi.

Çempionatda bir möwsümde iň köp gol geçiren futbolçy ýene-de “Bawariýa” toparynyň futbolçysy Gerd Mýullerdi. Ol 1971/72-nji ýylyň möwsüminde 40 gol geçiripdi.

Lewandowski çempionatdaky gollarynyň sanyny 41-e ýetirdi. Ol netijäni gazanmak üçin çempionatda 29 duşuşykda tapawutlanmagy başardy.

Şeýle hem Lewandowski 4 ýyldan bäri yzly-yzyna Germaniýanyň çempionatynda iň köp gol geçiren futbolçy bolup gelýär. Bu hem rekorddyr.

 

7 ýyldan soňra 11-nji çempionlygyny gazandy

Related posts

Futbol täzelikleri: Ronaldo bilen Messi öz sebitiň iň gowulary

Sergeý Prýadkin täze möhlete saýlandy

Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny Hytaý gazandy

Ata Watan Eserleri