SPORT

7 ýyldan soňra 11-nji çempionlygyny gazandy

Ispaniýanyň milli futbol çempionaty bolan “La Liga” tamamlandy. Çempionat örän çekeleşikli dowam edip, iň soňky tapgyra çenli çempion belli bolmady.

Çempionatyň 38-nji tapgyrynda “Atletiko Madrid” topary “Walýadolid” toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, 86 utuk toplap, 11-nji gezek Ispaniýanyň çempiony bolmagy başardy. Topar 2013/14-nji möwsümden soňra, ýagny 7 ýyldan soňra täzeden çempion derejesine eýe boldy.

Toparyň tälimçisi Diego Simeone toparyny 2-nji gezek çempion ýetmegi başardy. 7 ýyl mundan ozalky çempionlyk hem Diego Simeoneniň goşandy bilen amala aşypdy. Ol 2011-nji ýyldan bäri bu topara talimçilik edip gelýär.

Ispaniýanyň çempionatynda 2-nji orny 84 utuk bilen “Real Madrid” topary, üçünji orny bolsa 79 utuk bilen “Barselona” topary eýeledi. Bu ýurduň çempionatynda iň köp çempion bolan topary “Real Madrid” topary bolup, ol 34 gezek çempion boldy. “Barselona” topary 26 gezek çempion bolmagy başardy.

Üstümizdäki çempionatda “Real Madrid” topary hiç hili kubok gazanman möwsümi tamamlady.

Ýewropada möwsümiň iň gowy futbolçysy saýlandy

Ýene-de okaň

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar