SPORT

42 ýyldan soňra Ýewropa kubogy

Ýewropa ligasynyň finaly Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde geçirildi. Ýewropa sebitiniň ikinji derejeli abraýly ýaryşynyň finalynda Germaniýanyň “Aýntraht” topary bilen “Reýnjers” topary duşuşdy.

Esasy wagty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlanan duşuşygyň ykbalyny 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi. Duşuşygyň esasy wagtyna Jo Aribo bilen Rafael Santos Borre tapawutlandy.

11 metrlik jerime urgulary netijesinde, 5:4 hasabynda nemes topary bolan “Aýntraht” ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, bu topar taryhynda 42 ýyldan soňra Ýewropanyň kubogyny gazanmagy başardy.

“Aýntraht” topary baryp, 1980-nji ýylda UEFA-nyň Kubogyny gazanypdy. 42 ýyldan soňra bu topar ikinji halkara kubogyny gazanmagy başardy.

Frankfurt şäheriniň topary 8-nji kubogyny gazandy: Germaniýanyň özünde topar 1959-njy ýylda ýurduň milli futbol çempionatynyň çempiony bolupdy. Şeýle hem bu topar 5 gezek Germaniýanyň kubogyny gazandy. Ýene-de awgust aýynda kubok gazanmagy mümkinçiligi bar. Helsinki şäherinde UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky ýaryşda “Aýntraht” topary Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

“Aýntraht” topary Ýewropa Ligasynyň taryhynda ýaryşyň dowamynda ýeňilmän kubok gazanan 3-nji topardyr. Bu topar ýaryşyň çäklerinde 8 gezek ýeňiş gaznayp, 5 gezek deňme-deň oýnady. Mundan ozal, şeýle üstünlige “Çelsi” bilen “Wilýarreal” toparlary ýetipdi.

“Aýntraht” toparynyň derwezebany Kewin Trapp Ýewropa Ligasynyň finalynyň iň güýçli futbolçysy hökmünde saýlandy. Ol 11 metrlik jerime urgularynyň birini saklap, toparynyň kubok gazanmagyna uly goşant goşdy.

 

Messi futbol toparynyň paýnamalaryny satyn alar

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy