SPORT

39 ýyl komada bolup, aradan çykdy

1982-nji ýylda koma düşen Fransiýanyň milli futbolçysy Žan-Pýer Adams aradan çykdy. 1972-nji we 1976-njy ýyllar aralygynda 22 gezek Fransiýanyň milli ýygyndysynda çykyş eden oýunçy Nimes uniwersitetiniň hassahanasynda aradan çykdy.

Adams 1982-nji ýylyň 17-nji martynda menisk operasiýasy wagtynda anesteziýa berlende ýüze çykan ýalňyşlykdan soň koma düşdi we oňa aýaly 39 ýyllap seretdi.

Adams “Nimes Olimpik” (1970-1973), “OGC Nissa” (1973-1977) we “Pari-Sen-Žermen” (1977-1979) futbol toparlarynda oýnady.

 

Mark Ronson we Greýs Gammer durmuş gurýarlar

 

Related posts

Iň girdejili futbolçylar

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň milli ýygyndysyna 46-njy tälimçi bellendi

Ata Watan Eserleri

«Ahal» – «Pahtakor» duşuşygy geçiriler