TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

37 ýyldan soňra tapylan çüýşe

Içinde 1984-nji ýylda ýazylan hatly aýna çüýşäni Gawaýide 9 ýaşly bir çaga tapdy. Içi hatly çüýşani 37 ýyl mundan ozal Ýaponiýadaky orta mekdep okuwçylary tarapyndan synag üçin ummana iberilendigi ýüze çykdy.

Gawaýiniň Hilo şäheriniň golaýynda maşgalasy bilen kenarda ýaşaýan 9 ýaşly Abbie Graham çüýşeden 1984-nji ýylda ýazylan haty tapdy.

“Ummanyň akymynyň barlagy” atly synag üçin ummana iberilen çüýşedäki haty Ýaponiýanyň günbataryndaky Miýakejima adasynyň golaýyndaky Kuroşiwo ummany akymyny öwrenýän taslamanyň çäklerinde iberilendigi mälim edildi.

Hatyň 1984-nji ýylyň iýul aýynda ýazylandygy mälim edilip, onda kim şol haty tapan halatynda, ony taslamany amala aşyran mekdebe, ýagny Çoşi orta mekdebine ibermegi  haýyş edilendigi aýdylýar.

Ýaponiýadaky mekdep tarapyndan iberilen çüýşe 7 müň kilometr menzil aşypdyr. Şeýle hem ýapon mekdebi şol ýyl 450 çüýşäni, bir soňky ýyl bolsa 300 çüýşäni ummana iberen eken.

Mundan ozal, ummana iberilen çüýşeleriň 51 sanysy ýapon mekdebine tapylan ýerinden yzyna iberilipdir. 2002-nji ýyldan bäri diňe bir çüýşe yzyna gaýdyp gelipdir.

Mundan ozal, ýapon mekdebiniň iberen çüýşeleri Waşingtonda, Kanadada, Filippinlerde we Marşal adalarynda tapylypdy.

Ýapon mekdebi bu gezekki çüýşäni tapan gyzjagaz Abbie Grahamy sowgat bermegi maksat edinýär.

 

25-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle