SIZDEN GELENLER

30-njy sentýabr – Halkara terjime güni

Şu gün 30-njy sentýabr – Halkara terjime güni. 419-420-nji ýyllarda Injil kitabyny latyn diline doly terjime eden Iýeronima Stridonskiniň aradan çykmagyny bu halkara günüň senesi bilen baglanyşdyrýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 24-nji maýynda geçiren 72-nji sessiýasynda her ýylyň 30-njy sentýabry Halkara terjime güni hökmünde ylgan edýärler. Halkara terjime güni her ýyl özboluşly şygar esasynda bellenilip geçilýär.

Dünýä ýüzünde terjimeçilik işine örän uly üns berilýär. Sebäbi terjimeçilik maglumat alyşmakda, milletleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary guramakda möhüm hasaplanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite ykrar edilen resmi dilleri bar. Olar: iňlis, rus, fransuz, arap, hytaý, ispan dilleridir.

Häzirki wagtda dürli maglumatlary bir dilden ikinji dile ýalňyşsyz terjime etmek örän möhüm hasaplanýar we bu işde terjimeçileriň tutýan orny uludyr.

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

Ýewropada gazyň bahasy 1000 dollardan geçdi

Ýene-de okaň

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir