JEMGYÝET

24-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 24-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21… +23° maýyl, gündizine +36… +38° yssy bolar. Howanyňbasyşy 727 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Arçabilde: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 11 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20… +22° maýyl, gündizine +35… +37° yssy bolar. Howanyňbasyşy 701 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16… +21°, gündizine +31… +36°, kenarýaka etraplarynda +24… +29° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +27… +29°, basyşy 751 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Awazada: howa +26… +28°, basyşy 753 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Balkanabat şäherinde: howa +33… +35°, basyşy 755 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Ahal welaýatynda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +23° maýyl, gündizine +34… +39° yssy bolar.

Änew şäherinde: howa +37… +39°, basyşy 733 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Tejen şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 741 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Mary welaýatynda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +11… +16°, gündizine +31… +36° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 739 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Baýramaly şäherinde: howa +33… +35°, basyşy 737 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10… +15°, gündizine +30… +35° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +32… +34°, basyşy 740 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Kerki şäherinde: howa +33… +35°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, käýerlerinde 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +12… +17°, gündizine +26… +31° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +29… +31°, basyşy 749 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Köneürgenç şäherinde: howa +27… +29°, basyşy 752 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

 

24-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk hatyny iberdi

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri