TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

2032-nji ýylda Olimpiýa oýunlary Brisbende geçiriler

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde badalga aldy. Tokio Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Halkara Olimpiýa komitetiniň 138-nji mejlisi geçirildi.

Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bahyň gatnaşmagynda geçirilen şol mejlisde 2032-nji ýylda Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri kesgitlendi. Ol hem Awstraliýanyň Brisben şäheri boldy.

Tomusky Olimpiýa oýunlary Awstraliýanyň Kwinslend ştatynyň 3 şäherinde geçiriler. Brisben şäheri Olimpiýa oýunlaryny kabul etjek ýeke-täk şäher boldy. Halkara Olimpiýa komitetiniň agzalarynyň 80-sinden 72-si ses berdi.

Şeýlelikde, öňümizdäki ýyllarda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň ýerleri kesgitlendi. 2024-nji ýylda Pariž, 2028-nji ýylda Los-Anželes hem-de 2032-nji ýylda Brisben Olimpiýa oýunlaryny kabul eder.

Awstraliýa mundan ozal 2 gezek Olimpiýa oýunlaryny gurnady. 1956-njy ýylda Melburnda, 2000-nji ýylda Sidneýde Olimpiýa oýunlary geçirildi.

2032-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlary 35-nji Olimpiýa oýunlary hökmünde taryha girer.

 

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji rekordy

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle