DÜNÝÄ

2022-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çäreler

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýanwar-fewral aýlaryndaky edilen işlere baha berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisiň dowamynda şu ýyl ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çärelerine görülýän taýýarlyklar barada hem hasabat berildi.

Şol çäreleriň hatarynda:

  • Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammiti
  • Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy
  • BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty bar.

Hasabat döwründe, sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 198 geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen ýylyň dowamynda 7 resminama gol çekildi.

 

2022-nji ýylyň ilkinji 2 aýynyň makro görkezijileri

Related posts

Pakistanyň ýolbaşçy düzümi Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär

Baş Assambleýa BMG-niň 2024-nji ýyl üçin býujetini tassyklady

“Atavatan Türkmenistan” Asya Oyunlarını Takip ediyor

vepa