JEMGYÝET

20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossankyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek hem-de ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2143-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirmek bellenildi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň çäklerinde 30 million bag nahallarynyň oturdylmagy göz öňünde tutulýar.

 

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy: 30 million bag ekiler

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri