TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy: 30 million bag ekiler

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda milli Liderimiz 2021-nji ýylda ýurdumyzda bag ekmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyz boýunça 30 million bag nahallary oturdylar.

Resminama laýyklykda Aşgabadyň töwereginde 10 million bag nahallary, ýurdumyzyň welaýatlarynda 20 million düýp nahalyň oturdylmagy göz öňünde tutulýar.

Resminama bilen Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Ýurdumyz boýunça saýaly, pürli we miweli baglaryň hem-de üzüm nahallary oturdylar.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda 25 million düýp bag nahallary ekilipdi.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle