DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystana sapara çagyryldy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hormatly Prezidentimiz hat iberdi. Dostlukly ýurduň Prezidenti öz hatynda, Türkmenistanyň wekiliýetini Tatarystana sapara çagyrdy.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň hatynda şeýle diýilýär:

– Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin.

Siziň ýurduňyzy ňGaraşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin, ýakynda Aşgabada bolan saparym mende ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

Siz bilen geçirilen duşuşyklarymyzyň oňyn häsiýeti, özara gyzyklanma bildirilýän ähli meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalar Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny aýtmaga esas döredýär.

Gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyny dowam etmek maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýetini Respublikamyzyň senagatda, gurluşykda, maşyn gurluşygynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda ýeten sepgitleri bilen tanyşmak üçin sapar bilen Tatarystana gelmäge çagyrýaryn. Saparyň çäklerinde senagat kärhanalaryna, şol sanda “KAMAZ”-a baryp görmek göz öňünde tutulýar, onuň barşynda türkmen wekiliýeti önümçilik işleriniňguralyşy hem-de tehnikalaryň birnäçe täze nusgasy, şol sanda ýolagçy ulagy, elektrobuslar bilen tanşyp biler.

Bu ulgamda bilelikdäki işler özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy ösdürmegiňýene bir geljegi uly ugurlarynyň biri bolar diýip hasap edýäris.

 

“Ata Watan Eserleri” bäsleÅŸigi üçin minnetdarlyk

Ýene-de okaň

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy

Ilkinji ýokary derejeli “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” sammiti geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi