SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanly koronawirus şahadatnamasy dörediler

Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Bileleşiginiň Sanly Koronawirus şahadatnamasy barada ylalaşyk gazanandyklaryny habar berdi.

Koronawirusa garşy alnyp barylýan tagallalaryň çäginde sanjym etmek işleriniň giňden dowam etdirilýän döwründe ÝB ýurtlary Kovid-19 sanjym kepilnamasy barada ylalaşdy.

Ursula fon der Lýaýen bu barada özüniň jemgyýetçilik tory arkaly beren beýanatynda Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasynyň, Ýewropa Geňeşiniň hem-de Ýewropa Parlamentiniň sanjym şahadatnamasy babatda ylalaşandygyny belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň sanly Kowid-19 şahadatnamasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde howpsuz hem-de aňsatlyk bilen syýahat etmäge mümkinçilik döretjekdigi mälim edildi.

Bu şahadatnamada koronawirus ýokanjyna garşy sanjym alanlar haýsy sanjymy urdurandygy, bu kesel bilen kesellänleriň immun derejesi hem-de Kowid-19 test netijeleri barada maglumatlar ýerleşdiriler.

Bu şahadatnama kagyz hem-de elektron görnüşde mugt berler. Bu şahadatnama bilen Kowid-19 ýokanjyna garşy ÝB tarapyndna ykrar edilen sanjymlary alanlar arkaýyn syýahat edip bilerler.

ÝB häzire çenli “BioNTech-Pfizer”, “Moderna”, “AstraZeneca” we “Johnson and Johnson” kompaniýalarynyň işläp düzen sanjymlaryny tassyklady.

 

Agata Kristiniň öýi satylýar

 

Ýene-de okaň

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizer

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär