JEMGYÝET

Agata Kristiniň öýi satylýar

Dünýä belli ýazyjy Agata Kristiniň Beýik Britaniýadaky öýi ABŞ-nyň 4 million dollaryna satlyga goýuldy. Bu barada «Savills» halkara emläk agentliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Agentligiň Russiýadaky müdirliginiň ýolbaşçysy Ýuliýa Owçinnikowanyň aýdyşy ýaly, bu taryhy mülk 2,75 million funt sterling baha durýar. Dollara öwrenimizde, bu baha ýokarda görkezilen mukdar bilen deňleşýär.

Aýdylyşyna görä, Agata Kristi we onuň ýanýoldaşy bu öýi 1934-nji ýylda satyn alypdyrlar. Öý Oksfordşir graflygynyň Uollingford şäherinde ýerleşýär.

1976-njy ýylda aradan çykan ýazyjy tä şol wagta çenli şu öýde ýaşapdyr. Onuň «Miss Parpl» atly dünýä meşhur ederi we Erkýul Puaro baradaky soňky kitaplary hem şu öýde dörän bolmaly.

Aslynda, bu binanyň XVII asyra degişlidigi aýdylýar. 581 inedördül mert meýdany tutýan öý Temza derýasynyň kenaryndaky 2 gektarlyk bagda ýerleşýär.

Üç gatly öýde bäş sany ýatakhana we dört sany myhmanhana bar.

 

Dünýädäki iň uly aýsberg Antarktidadan aýryldy

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty başlaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Sara B. Rojersiň “Atavatan Media” toparynyň beren sowalyna jogaby

Sara Rojers “Ata Watanyň” sowalyna jogap berdi: Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygy ösdüriler

Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

Sara Rojers:Türkmenistana bolan gyzyklanma barha artýar