TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

10 ýylda 1 milliard düýp bag nahaly oturdylar

ABŞ-nyň hökümeti tokaýlaryň ýok edilmeginiň öňüni almak üçin öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda 1 milliarddan gowrak düýp bag nahalyny oturmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Oba hojalygy ministrligi habar berdi.

– ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrligi tokaýlaryň hem-de milli seýilgäh toplumlarynyň ýok bolmak gitmek howpuna garşy göreş alyp barýar. Şonuň üçin geljek 10 ýyllykda 1 milliarddan gowrak bag nahaly oturdylar.

Soňky ýyllarda tokaýlaryň ýanmak hadysasy köpelip, tokaýlaryň tebigy şertlerde köpelmeginiň öňüni aldy. Şonuň netijesinde, 4,1 million akr (1.7 million gektar) meýdanda tokaýlaryň ýok bolup gitmek howpy bar – diýlip, ministrligiň beýanatynda bellenilip geçilýär.

ABŞ-nyň oba hojalygy ministri Tom Wilsak  tokaýlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreş alyp barmakda esasy güýç bolup durýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, köp mukdarda agaçlaryň oturdylmagy tokaý ýangynlarynyň ýetiren zyýanlarynyň öweziniň dolup boljakdygy bellenildi.

 

“Gyzyl kürte” filmi Türkiýede görkezilýär

Ýene-de okaň

Wengriýa Türkmenistanyň tebigy gazyna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan BMG-ä hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisi taslamasyny tizleşdirmek üçin Meýilnama gol çekildi

Teswirle