TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Gyzyl kürte” filmi Türkiýede görkezilýär

Şu günler 2022-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde TÜRKSOÝ guramasynyň kinoforumy geçirilýär.

TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýewiň hem gatnaşmagynda geçirilýän bu foruma Türkmenistandan hem wekiliýet gatnaşýar. Bu foruma Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň orunbasary Sahysalyh Baýramow gatnaşýar.

27-31-nji iýul aralygynda geçirilýän bu forumda türkmen kinematograflarynyň hem işleri görkezilýär. Bu forumda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen “Gyzyl kürte” (režissýory Sahysalyh Baýramow) hem-de “Istärin” (režissýor Arslan Eýeberdiýew) atly filmler türk kino muşdaklarynyň dykgatyna ýetirilýär.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygyny Sahysalyh Baýramowyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Gyzyl kürte» atly çeper filmde uruş ýyllarynda tylda ýar ojagyny saklap gelen bir zenanyň ömrüniň ahyryna çenli kürtesini başyndan aýyrman ýaşandygy bilen baglanyşykly waka janlandyrylýar.

Türkmen kino muşdaklarynyň uly söýgüsini gazanan bu filmiň türk we türki halklarynyň kinosöjüýileriniň hem söýgüsini gazanjakdygy ikuçsyzdyr.

Tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan täze «Gyzyl kürte» çeper filmini halkymyza mahsus bolan milliligi, türkmen zenanynyň ýar ojagyna wepalylygyny açyp görkezýän kämil eser hasaplamak bolar.

Şeýle hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hökmünde «Gyzyl kürte» çeper filminiň tanyşdyrylyş dabarasyny halk köpçüligine ýetirdi. Şeýle hem halkara žurnalymyzyň “Atavatan TV Youtube” kanalynda «Gyzyl kürte» çeper filminiň aktýordyr ssenariýaçylary bilen gyzykly gepleşik ýazgy edilip, köpçülige hödürlendi.

Umuman, şeýle forumlara türkmen filmleriniň gatnaşmagy Türkmenistanyň kinematografiýa pudagynyň uly ösüşlere eýe bolýandygyny görkezýär.  “Oguzhan” adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň halkara forumlara gatnaşmagy halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berýär.

Mundan başga-da, ýakyn wagtda  “Oguzhan” adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň Russiýanyň Sankt-Peterbugr şäherinde Russiýanyň we GDA gatnaşyjy döwletleriň bilelikdäki kino önümçiligine bagyşlanan halkara maslahatyna, şeýle hem sentýabr aýynda Daşkent şäherinde “Ýüpek ýolunyň düri” atly halkara Daşkent kinofestiwalyna gatnaşmagyna garaşylýar.

 

 

«Gülüň owadan!» bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Ýene-de okaň

Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

Iýun aýynyň baýramçylyklary: Gurban baýramy giňden belleniler

Magtymguly Pyragynyň golýazmalary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Teswirle