SIZDEN GELENLER

1-nji oktýabr –ýaşulularyň halkara güni

1-nji oktýabrda BMG-niň düzümine girýän ähli döwletler ýaşulularyň halkara gününi belläp geçýär. Bu şanly senäni bütindünýä jemgyýetçiligi bolup belläp geçmeklik karary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda bolup geçen Rezolýusiýasynyň esasynda yglan edildi. Bu Rezolýusiýa bolsa 1982-nji ýyldaky Bütindünýä mejlisinde garrylyk boýunça kabul edilen we şol ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanan Wena Garrylyk Hereket meýilnamasynyň kadalarynyň durmuşa geçirilmeginiň amalyýeti bolup durýar.

A/RES/45/106 belgili Rezolýusiýanyň BMG-niň Garrylyk gaznasyna goşantlarynyň azalandygy, dünýä ilatynyň garramagynyň çaltlygy we garry adamlaryň ösüş prosesine möhüm goşant goşup biljekdigi  ykrar edilýär. Hut şol nukdaýnazardan, Baş Assambleýa şol gün hökümetleri we hökümete dahylsyz guramalary Garrylyk gaznasyna goşant goşmaga çagyrdy.

1991-nji ýylda Baş Assambleýa özüniň 46/91 belgili Rezolýusiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Garry adamlar üçin ýörelgelerini kabul etdi.

2002-nji ýylda Madridiň Garrylyk boýunça hereket meýilnamasy Ikinji Bütindünýä mejlisinde XXI asyrda ilatyň garramagyna garşy öwrülişik nokady hökmünde kabul edildi. Şol ýyldan bäri 18 ýylyň içinde hökümetler tarapyndan bu ugurda amal edilen işleriň netijesinde bütindünýä jemgyýetçiligindäki 60-80 ýaş aralygyndaky ýaşulular ýaşlar bilen deň hörpde gopup, özleriniň garrydyklaryny hem unudýarlar, has dogrusy, özlerini ýaňy kämillik ýaşyna ýeten ýetginjek ýaly duýýarlar.

Her ýylyň 1-nji oktýabrynda BMG tarapynda ýaşulularyň hukuklaryny goramaga, jemgyýetdäki tutýan ornuny pugtalandyrmaga bagyşlanan dürli festiwallar, halkara ylmy-amaly maslahatlar we syýasy ýygnaklar geçirilýär. Biziň ýurdumyzda hem BMG-niň bu asylly ýörelgelerinden ugur alnyp, Halkara ýaşulular güni mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Bu baýram hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşulularyna bolan çäksiz hormat-sarpasynyň nyşanyny, ýurdumyzyň BMG bilen oňyn hyzmatdaşlygyna ygrarlylygynyň baý mazmunyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2009-njy ýylyň 1-nji iýulynda güýje girizilen Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginde ýerleşdirilen şanly seneleriň arasynda orun aldy. Ýaşulularyň halkara güni biziň ýurdumyzda ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenip geçildi. Şol ýyldan bäri  BMG-niň düzümine girýän beýleki döwletler ýaly biziň ýurdumyz hem her ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara ýaşulular gününi giňden dabaralandyrýar.

Gyzlargül ANNAGURDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

 

Halkara aýdym-saz güni

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr