SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: oktýabrda Türkmenistan ugry boýunça 14 ýörite gatnaw

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtyna berýän maglumatyna görä, kompaniýanyň oktýabr aýynda amala aşyrmagy meýilleşdirýän Türkmenistan ugurly ýörite gatnawlary barada maglumatlary ýetirýäris. Awiakompaniýadan bize gelip gowşan habara görä, oktýabr aýynda 14 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Eýsem bu ýörite gatnawlar nähili tertipde amala aşyrylar. Bu gatnawdan kimler peýdalanyp biler  hem-de biletleri nireden alyp bolar ýaly maglumatlar sizleri gyzyklandyrýan bolsa gerek.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ýörite uçar gatnawlaryň artmagyna garaşylýar. “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna habar berşine görä, bu awiakompaniýa oktýabr aýynda hepdäniň duşenbe, anna we şenbe günleri ýörite gatnawlary amala aşyrar. Bu gatnawlar Türkmenbaşy şäherinden ýerine ýetiriler.

Sentýabr aýynda “Türkmenistan” hem-de “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy bilelikde 17 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirdi. Şolaryň 9-sy “Türkhowaýollary” tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Oktýabr aýynda “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy diňe özi 14 sany ýörite gatnawy meýilleşdirýär.

“Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň berýan maglumatyna görä, Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça ýörite uçar gatnawyň bahasy 597 dollara deňdir. Türkiyeden Turkmenistana awiabiletleriň bahasy bolsa 697 dollara barabar. Isle Türkiýeden Türkmenistana, isle Türkmenistandan Türkiýe tapawudy ýok, awiapetekler  diňe “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasynda satylýar. Ol “Berkarar” işewürlik merkezinde ýerleşýär.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň raýatlaryna wiza düzgünini girizendiginden hemmäňiz habarlysyňyz. Wiza resmileşdirmek üçin resminamalaryň terjimesi üçin Aşgabat şäherindäki “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401. Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55.

Türkiýeden aljak bolsaňyz, terjime üçin “Atawatan Danyşmanlyk LTD” kompaniýasyna ýüz tutup bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: +90 532 401 71 52/+90 530 251 36 73.

Habarlarymyzy yzarlamak we ýeňillikli okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

 

 

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň gowy howa menzili sanawynda Katar birinjiligi eýeledi

Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy

“Laçyn syry” – ýüzler üçin täsirli we tebigy melhem

Ata Watan Eserleri

Hoşimin, Milan, Jidda, Bangkok, Kuala Lumpur ugurlary boýunça awiabiletleri satuwda

Aşgabat-London-Aşgabat howa gatnawy ýola goýlar

Bütindünýä saglyk gününde köpçülikleýin welosiped ýörişi guralar