SPORT

Zidan hem tälimçiligi taşlady

Italiýanyň “Inter” toparynyň, Fransiýanyň “Lill” toparyndan soňra Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň tälimçisi hem wezipesinden meýletin çekildi. Ispaniýanyň çempionatynda ikinji orny alan “Real Madrid” toparynyň tälimçisi Zinedin Zidna işini tabşyrandygyny mälim etdi.

Madrid topary hem fransiýaly tälimçi bilen hyzatdaşlygyň bes edilndigini habar berdi. Ozal hem bu topara tälimçilik edip, soňra täzeden gelen Zidan dolanyp gelenden soňra topar bilen Ispaniýanyň çempiony boldy we Superkubogyny eýeledi.

Zidan 2016-2018-nji ýyllarda hem bu topara tälimçilik edipdi. Şol döwürde ol bu topar bilen 3 ýyl yzly-yzyna Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazanypdy. Şeýle hem Zidanyň tälimçiliginde topar Ispaniýanyň çempiony, ýurduň Superkubogyny, 2 gezek UEFA-nyň Superkubogyny, şeýle hem toparlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň çempiony bolupdy.

Zidanyň tälimçiliginde “Real Madrid” topary 11 kubok gazanypdy.

 

28-nji Maýda Ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

AFK Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” we “Ahal” klublaryň duşuşyklarynyň seneleri