TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Zenit” – Russiýanyň Naýbaşy kubogyny gazandy

Russiýanyň Naýbaşy kubogyny gazanmak ugrunda geçirilen duşuşykda “Zenit” bilen “Spartak” toparlary duşuşdy.

Naýbaşy kubok (Superkubok) ýurduň çempiony bilen ýurduň kubogyny gazanan toparlaryň arasynda geçirilýär. Çempion bolan “Zenit” kubogyň eýesi bolan “Spartak” toparyny Naýbaşy kubok duşuşygynda 4:0 hasabynda ýeňdi.

“Gazprom Arena” stadionynda 55 müňden gowrak janköýeriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Iwan Sergeýew, Malkom, Wendel we Mateo Kasserra tapawutlandy.

Şeýlelikde, “Zenit” topary 7-nji gezek Naýbaşy kubogy gazandy. Topar bu kubogy gazanmakdan “SSKA” topary bilen deňleşdi. “Zenit” topary 2008-nji, 2011-nji, 2015-nji, 2016-njy, 2020-nji we 2021-nji ýyllarda bu kubogy gazanypdy.

Sergeý Semagyň tälimçiliginde “Zenit” topary 2018-nji ýyldan bäri 100-nji ýeňşini baýram etdi.

 

Rahim Sterling “Çelsi” toparyna geçýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndysyny taryhy ýeňiş bilen utdy

Bellingem “Real” toparyna geçdi

43 ýyldan soňra kubok gazandy

Teswirle