DÜNÝÄ

Žaparow Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasy ädimine ýokary baha berdi

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi. Bu hatda Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň aýgytly syýasy ädimine ýokary baha berýär.

Hususan-da bu hatda şeýle diýilýär:

– Siziň golaýdaky aýgytly syýasy ädimiňiziň türkmen döwletiniň durnukly ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn. Indiki saýlanjak Prezidentiň Siziň başlan ýoluňyzy dowam etdirmegine umyt edýärin. Türkmen döwletiniň bitewüliginiň we ösüşiniň bähbidine Siziň alyp barýan işiňize türkmen halky tarapyndan ýokary baha beriljekdigine ynanýaryn.

Iki halkyň arasynda hakyky doganlygy we ynanyşmagy berkarar etmekde ýurduň Lideri hökmünde Siziň amala aşyrýan işiňiziň ähmiýeti uludyr. Siziň gatnaşmagyňyzda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň berkden-berk tutulan binýadynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna umyt edýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

 

Halkara zenanlar güni: aýal-gyzlara pul sowgatlary gowşurylar

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi

Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Ankarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Türkmenistan daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekişdi

Türkmenistanyň we Türkiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň telefon söhbetdeşlikleri