TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

«Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda her ýyl geçirilýän «Ýylyň zenany» bäsleşigniň jemi jemlenildi. Däp bolşy ýaly Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary Merkezinde baharyň ilkinji güni ýeňijieri mübäreklemek dabarasy boldy.

Welaýat we Aşgabat şäheri boýunçä ýeňijiler üçin aýdym-sazly baýramçylyk çäresi guraldy, onuň çäklerinde milli Liderimiziň adyndan ýeňiji zenanlara diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Zenanlar döwlet, jemgyýetçilik durmuşynda we maşgalada möhüm orun tutýarlar. Aslynda maşgala ojagyna wepaly bolan ene-mamalar, gelinler diňe bir ösüp gelýän ýaş nesliň aladasyny etmän, eýsem hünär we jemgyýetçilik işlerinde üstünlikler gazanyp, döwletiň abadançylygyna mynasyp goşant goşýarlar.

Bäsleşige gatnaşanlaryň arasynda telekeçiler, mugallymlar, kärendeçiler we lukmanlar, medeniýet hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri bar.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Gülnara Kulbaýewa «Ýylyň işewür zenany» ýeňiş gazandy. Şahyr Gülşirin Hanowa «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugurda «Ýylyň sungatda işjeň zenany» adyny eýeledi. «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugurda Ahal welaýatyndan Aýbölek Baýramowa ««Ýylyň mährem zenany» tapawutlandy.

Balkan welaýatyndan Gurbangül Annamuhammedowa «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugurda «Ýylyň telekeçi zenany», Daşoguz welaýatyndan Täzegül Pürenowa «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugurda «Ýylyň çeper elli zenany», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatyndan Gülistan Şerapowa «Ýylyň watançy zenany», Mary welaýatyndan bolsa Göwher Hojaýewa «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugurda «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» atlara mynasyp boldular hem-de olar bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan edildi.

Täçnur Nuryýewa, TOHU-nyñ talyby.

Köp çagaly enelere döwrebap öýler sowgat berler

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle