SPORT

“Ýuwentus” topary Salah bilen gyzyklanýar

Müsüriň milli ýygyndysynyň futbolçysy, dünýäniň iň güýçli ýarym goragçylaryň biri bolan Mohamed Salahyň “Liwerpul” toparynda galyp-galmajakdygy näbelli. Onuň bilen Italiýanyň “Ýuwentus” topary hem gyzyklanýar.

29 ýaşly Salahyň “Liwerpul” topary bilen şertnamasynyň möhleti 2023-nji ýylda tamamlanýar. Taraplar täze şertnamasy boýunça gepleşikler geçirýär. Ýöne entek ylalaşyk gazanylmady. Müsürli futbolçy “Liwerpul” toparynyň teklibi bilen ylalaşmaýar.

“La Gazzetta dello Sport” neşiriniň habaryna görä, “Ýuwentus” topary güýçli futbolçy bilen şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýar. Mohamed Salah şol futbolçylaryň biri bolup biler.

“Ýuwentus” topary Mohamed Salahyň maliýe teklibini kanagatlandyrmak mümkinçiligine eýedir. Sebäbi “Seria A” futbol çempionatynda toparlara salgyt ýeňillikleri döredilýär.

“Ýuwentus” toparynyň Salah bilen gyzyklanmasynyň ýene-de bir aýratynlygy onuň italýan futbolyny ýakyndan tanamagy bilen baglanyşyklydyr. Salah 2014-2015-nji ýyllarda “Fiorentina” we 2017-nji ýyla çenli bolsa “Roma” toparynda çykyş etdi.

 

Abramowiç türk toparyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär

Ýene-de okaň

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady