JEMGYÝET

Ýurdumyz boýunça 1,232 million tonna däne ýygnaldy

Hormatly Prezidentimiz  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Mary welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer galla oragynyň alnyp barlyşy, ýetişdirilen hasyly bellenen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzire çenli ýurdumyz boýunça 1 million 232 müň 753 tonna däne ýygnalyp, bu babatdaky meýilnama 88,05 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragynda işledilýän däne ýygýan kombaýnlary we bugdaý daşaýan awtoulaglary doly güýjünde işletmek hem-de ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul etmek boýunça hemme zerur çäreler görülýär.

Wise-premýer galladan boşan meýdanlarda sürüm geçirmek, welaýatlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda, aralyk ekinleri bolan noýba, mäş, künji we gök-bakja ekinlerini ekmek, Balkan we Mary welaýatlarynda güýzlük gant şugundyryny hem-de Lebap welaýatynda şaly ekinini ekmek işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowaçalara ideg etmek işleriniň dowam edýändigini aýtdy.

 

22-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty işe girizildi

Tramp Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Roseniýor «Çelsiniň» baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Las-Wegasda “CES 2026” başlady: “Atavatan Media” 30-dan gowrak ýörite söhbetdeşlik geçirdi

Ata Watan Eserleri