TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýurdumyz asuda, durmuşymyz abadan

Iň ýokary gymmatlyk adam hasaplanýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimizde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyndan gözbaş alýar. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçilmegi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» şygar bilen geçirilýän biraýlyk munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde ýaşaýşy awtoulagsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýäde tehnikanyň ösmegi, awtoulaglaryň sanynyň köpelmegi sürüjilerden we pyýada adamlardan köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý etmegi talap edýär. Şol düzgünlere ýeterlik ähmiýet berilmedik halatynda, ýol-ulag hadysalaryna sezewar bolunýar. Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek ynsan saglygyny goramakdyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bütin dünýäde ileri tutulýan wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Ulaglaryň sanynyň artmagy köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmäge bolan talaby has hem güýçlendirýär. Köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy, ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagy biziň özümize baglydyr. Köçelerde, ýollarda hereket etmegiň düzgünlerini berjaý edip, çagalara öwretmegimiz, bu işde dürli usullardan, tärlerden peýdalanmagymyz, geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalaryň asuda, abadan durmuşyny sagdyn hem-de ruhubelent ýaşaýşyny berkarar etmekde mynasyp orny bardyr.

Sürüjiniň ýa-da pyýadanyň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozmagy sebäpli betbagtçylyklara duýdansyz ýoluganlara ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge raýatlar hemişe taýýar bolmaly. Şikes alan adama ilkinji lukmançylyk kömegini haýal etmän dogry we doly berilse ol ejir çekende ähli gaýra üzülmeleriň öňüni almaga hem-de tiz wagtda sagalyp gitmäge uly mümkinçiligi bar. Şol jähtden ýurdumyzda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, zerur çäreleri işläp taýýarlamak boýunça bimöçber işler alnyp barylaýar.

Adam saglygyny, onuň ömrüniň rahatlygy barada alada edýän, döwlet derejesinde bimöçber işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ähli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslensin.

 Meýlis Sadykow

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

“Barselonanyň” futbolçysy “Beşiktaşa” geçdi

 

Ýene-de okaň

Bıtaraplyk- bagtymyz

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle