DÜNÝÄ

ÝUNISEF-e täze ýolbaşçy bellendi

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ABŞ-nyň wekili Ketrin Rasseli BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) täze ýerine ýetiriji direktory wezipesine belledi. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stefan Dýužarrik habar berdi.

– BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji geňeşi bilen maslahatlaşyp, Ketrin Rasseliň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenmegi babatda karara geldi – diýip, metbugat sekretayr belledi.

Rassel 2018-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory wezipesini alyp barýan Genrietta Foruň ornuna geçer.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ÝUNISEF-iň häzirki wagtda köp sanly döwlet we hususy hyzmatdaşlygy bolan we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi maksat edinýän gurama öwrülendigini belledi.

Ketrin Rassel 1961-nji ýylyň 4-nji martynda dünýä indi. Ol Boston kolležini tapawutlanan bahalar bilen tamamlady we Jorj Waşington uniwersitetinde hukuk ylymlarynyň doktory derejesini aldy.

Uly iş tejribesine eýe bolan Ketrin Rassel häzirki wagtda ABŞ-nyň Prezidentiniň kömekçisidir. Ol Ak Tamda işgärler bölümine seredýär. 2013-2017-nji ýyllarda ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň zenanlar meseleleri boýunça ýörite ilçisi wezipesini amala aşyrdy.

 

Ýaponiýada 2021-nji ýylyň iýeroglifi saýlandy

Ýene-de okaň

Fizika boýunça Nobel baýragyna amerikaly alymlar eýe boldy

Türkmenistan bilen BAE medeniýet we metbugat ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Müsürli Haled al-Anani ÝUNESKO-nyň baş direktory wezipesine saýlandy

Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna täze Baş konsul belledi

Ata Watan Eserleri

Lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Eyfel diňine welosipedde çykmak boýunça dünýä rekordyny goýdy