TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň saýty döredilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işi hakynda hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, bu topar BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, 1997-nji ýylda döredildi. 2020-nji ýylda onuň Düzgünnamasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi hem-de düzümi täzelendi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 23-nji aprelde toparyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň dowamynda işleriň möhüm meseleleri we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň käbir ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň netijeleri boýunça toparyň işini kämilleşdirmek hem-de ÝUNESKO bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň dünýäde giňden wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri güýçlendirmek üçin toparyň internet saýtyny döretmek teklip edilýär. Saýt arkaly ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýetilen sepgitleri we onuň geljegi barada maglumatlary hemişelik esasda beýan etmek göz öňünde tutulýar.

Milli toparyň guramaçylyk işinde onuň Sekretariatyna möhüm orun berilýär. Onuň degişli döwlet edaralary bilen bilelikdäki işini düzgünleşdirmek maksady bilen, degişli Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edilýär. Halkara tejribä hem-de ÝUNESKO-nyň Baş maslahaty tarapyndan kabul edilen Kararnamanyň talaplaryna laýyklykda, toparyň milli nyşanynyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edilýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda onuň hukuk binýadyny berkitmek baradaky mesele möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Konwensiýalaryna, şol sanda Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýasyna goşulmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu işi dowam etdirmek maksady bilen, 1997-nji ýylda Lissabon şäherinde kabul edilen ÝUNESKO-nyň Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýasyna ýurdumyzyň goşulmagy meselesini öwrenmek teklip edilýär. Bu resminama häzirki wagtda döwletleriň 54-si gatnaşyjy bolup durýar.

Türkmen halkynyň baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem yzygiderli çäreler görülýär. Bu babatda Aşgabat şäherini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli hödürnamany taýýarlamak maksady bilen, ugurdaş döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat bolan topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini 30-njy aprelde geçirmek teklip edilýär.

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýerleşýän Köýtendag dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin köptaraplaýyn hödürnamany taýýarlamak boýunça hem işler dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň arasynda yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek maksadalaýyk hasaplanýar. Olary şu ýylyň maý aýynda ýola goýmak teklip edilýär.

 

2-nji maýda Oraza baýramy belleniler

Ýene-de okaň

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Teswirle