BIZNES

Yragyň nebitgaz pudagyna 27 milliard dollar maýa goýlar

Fransiýanyň “TotalEnergies” nebitgaz kompaniýasy bilen Yragyň hökümetiniň arasynda ýurtda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek barada 27 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada Yragyň Premýer-ministrliginiň kanselýariýa edarasynyň ýolbaşçysy Mustafa al-Kazemi habar berdi.

Yragyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ugurdaş gaz we nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny çekmek baradaky ilkinji şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Onuň barşynda Yragyň Nebit ministrligi bilen Fransiýanyň “Total” kompaniýasynyň arasynda üç şertnama we Yragyň Elektrik energetikasy ministrligi bilen “Total” arasynda Gün energiýasy pudagynyň taslamasy boýunça şertnamalar baglaşyldy.

Ylalaşygyň maksadynyň, nebit öndürmek üçin önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, elektrik pudagynda durnuklylygy üpjün etmekden ybaratdygy bellendi.

Gol çekilen şertnamalara laýyklykda, “Artaui” ýatagynyň nebit önümçiligini günde 85 müňden 210 müň barrele çenli ýokarlandyrmagy, ugurdaş gazy gaýtadan işleýän kärhanalary döretmegi, Gün energiýasy bilen işleýän elektrik stansiýalaryny gurmagy öz içine alýar.

Fransuz “TotalEnergies” (öňki “Total”) dünýädäki iň uly nebit we gaz kompaniýalarynyň biridir. “TotalEnergies” kompaniýasynyň 130-dan gowrak ýurtda takmynan 100 müň işgäri bar.

Yragyň nebit eksportyndan alýan girdejisi awgust aýynda 6,5 ​​milliard dollardan geçdi we eksport mukdary 94,660 million barrele çenli ýokarlandy.

 

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul boýunça ýörite uçar gatnawy

 

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanda 41,2 milliard manat möçberinde maýa goýumlary özleşdiriler

Azerbaýjan 2026-njy ýylda Ýewropanyň ýene iki ýurduna gaz iberip başlar

Gazagystan 2025-nji ýylda 70 milliard ABŞ dollaryndan gowrak möçberde ylalaşyklara gol çekdi

Baýraktar: Türkiýe bilen Azerbaýjan tebigy gaz boýunça täze ylalaşyk baglaşdy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýyllyk meýilnamasyny 6,7 göterim artyk ýerine ýetirdi

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler