TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurlar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Bereket we Balkanabat ýod zawodlarynda ýodly we bromly suwlary gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragynyň öndürilýändigi, onuň aglaba böleginiň daşary ýurt bazaryna iberilýändigi bellenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Balkan welaýatynyň Balkanabat ýod zawodynyň düzüminde tehniki ýod, brom we bromyl önümleri öndürýän desgalary gurmagyň göz öňünde tutulýandygy mälim edildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan maýa goýumlary çekmek arkaly iri desgalary taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça himiýa senagatynda baý tejribesi bolan kompaniýalardan anyk teklipler aldy.

Häzirki wagtda taslama kuwwatlylygy 450 tonna bolan Balkanabat zawodynda tehniki ýoduň 340 tonnasynyň öndürilýändigi bellenilip, birnäçe anyk teklipler hödürlendi.

Zawodyň binýadynda ýodly we bromly çig mal ýataklaryndaky guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek arkaly kärhananyň düzüminde täze önümçilik desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Zawodyň ýodly we bromly çig mal ýataklarynda tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurmak barada gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň arasynda bäsleşik geçirmek teklip edilýär.

 

Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň birinji tapgyry açylar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle