Ylmy işgärler üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy

Ylmy işgärler üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy 12-nji marta çenli arzalary kabul edýändigini habar berýäris!  Bu maksatnama barada soraglaryňyzy AshgabatEducation@state.gov adresine iberip bilersiňiz.

Ylmy işgärler üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy alymlyk derejesini bermeýän güýçli depginli maksatnamadyr. Bu maksatnama ýokary bilim gatlagynda işleýän tejribeli mugallymlara we ylmy işgärlere amerikan jemgyýetine, medeniýetine we gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegi hödür edýär. Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylara ýokary okuw jaýlary we beýleki akademiki edaralary üçin okuw maksatnamalary işlenip düzülende ABŞ barada mowzuklary goşmak üçin maglumatlary we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup durýar.

Ylmy işgärler we ýokary bilim ulgamynda işleýän mugallymlar üçin niýetlenen bu maksatnamanyň 2021-nji ýyl tapgyry garyşyk görnüşde alynyp barylar. Ýagny, okuwyň birinji ýarymy, häzirki ýüze çykan saglyk, howpsyzlyk hem-de syýahat kynçylyklary sebäpli 2021-nji ýylyň iýun-awgust aýlary wirtual görnüşde geçer. Okuwyň ikinji ýarymy bolsa 2021-nji ýylyň güýz ýa-da gyş paslynyň dowamynda iki hepdelik okuw möhleti bilen ABŞ-da geçer, şeýle hem okuwyň anyk seneleri biraz soňra belli ediler.

Okap bilersiňiz  Awtobuslary kärendä bermek ýola goýlar

Anketalar 2021-nji ýylyň 12-nji martyna çenli kabul edilýär.

 

Begmyrat Annamyradow: Mukamly maşgalada dogan ýyldyz