TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ýewropanyň iň köp hak tölenýän tälimçisi boldy

Diego Simeona

Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparynyň tälimçisi Diego Simeone Ýewropanyň futbol tälimçileriniň arasynda iň köp hak tölenýän tälimçi boldy. Bu barada “L’Equipe” neşiri degişli hasabat berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, argentinaly tälimçi her aý salgytlar hasaba alynmazdan 3,3 million ýewro gazanýar. Bu ugurda ikinji orunda “Mançester Siti” toparynyň tälimçisi Hosep Gwardiola (1.89 mln ýewro), üçünji orunda “Liwerpul” toparynyň tälimçisi (1.49 mln) we dördünji orunda “Tottenhem” toparynyň tälimçisi Antonio Konte (1.49 mln) durýar.

Ispaniýanyň çempionatynda iň köp hak tölenýän tälimçileriň hatarynda ikinji orunda “Real Madrid” toparynyň tälimçisi Karlo Ançelotti (910 müň ýewro), üçünji orunda bolsa “Atletiko Bilbao” toparynyň tälimçisi Garsiýa Toral (500 müň ýewro) durýar.

Italiýada bolsa, Massimiliano Allegri (“Ýuwentus”) 1,17 million ýewro, Žoze Mourinýo (“Roma”) 770 müň, Simone Indzagi (“Inter”) 620 müň ýewro gazanýar.

Germaniýanyň “Bundesliga” çempionatynda “Bawariýa” toparynyň tälimçisi Ýulian Nagelsman her aýda 666 müň ýewro gazanjy bilen öňdeligi eýeleýär.

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparynyň Maurisio Poçettino 1.1 million ýewro gazanjy bilen bu çempionatyň iň köp hak tölenýän tälimçisi boldy.

 

Ärdogan Prezident Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlady

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle