SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýewropada “Sputnik V” sanjymy üçin barlaga başlandy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Russiýanyň “Sputnik V” sanjymynyň Ýewropanyň derman serişdeleri gullugy (EMA) tarapyndan barlagynyň başlanmagyna ýokary baha berdi. Bu barada BSGG-niň Ýewropa boýunça sebit direktory Hans Klýuge habar berdi.

– Bu gowy habar diýip pikir edýäris. Russiýa Federasiýasynyň sanjymlary işläp düzmekde hakykatdanam giň we üstünlikli tejribesiniň bardygyny öňem aýdypdym. Sanjym ugrumyzy giňeltmegimiz zerurdyr – diýip, Klýuge gürrüň berdi.

Ýewropanyň lukmançylyk edarasy “Sputnik V” sanjymyny barlag etmek babatda degişli işe başlandygyny habar berdi. Bu barlagyň çäklerinde sanjymyň netijeliligi, howpsuzlygy we hili babatynda Ýewropa Bileleşiginiň ülüňlerine laýyk gelişine baha berler. Ýewropanyň edarasy oňyan baha beren halatynda, rus sanjymy 2021-nji ýylyň iýunynda ÝB-niň raýatlaryna sanjym edilmegi üçin üpjün edilip başlanar.

Häzirki wagtda Ýewropa sebitinde Wengriýa bilen Slowakiýa bu sanjymy öz ýurdunyň çäklerinde bellige aldylar.

Russiýanyň işläp düzen “Sputnik V” sanjymy jemi ilaty 1,1 milliarddan gowrak bolan 42 ýurtda bellige alyndy.

 

Maýmynlar hem sanjym edildi

Ýene-de okaň

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi