JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Ronaldo rekordlar bilen başlady

Ýewropa çempionatynyň iň soňky çempiony Portugaliýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça Ýewropa çempionatyna uly hasaply ýeňişbilen başlady. Portugaliýanyň düzümindäki dünýäniň iň güýçli futbolçysy Kristiano Ronaldo bolsa çempionata 2 sany rekord bilen başlady.

ÝEWROPA ÇEMPIONATYNA IŇ KÖP GATNAŞAN FUTBOLÇY

Kristiano Ronaldo futbol boýunça Ýewropa çempionatyna iň köp gatnaşan futbolçy boldy. Ol mundan ozal, 2004-nji, 2008-nji, 2012-nji hem-de 2016-njy ýylllarda Ýewropa çempionatyna gatnaşdy. Ronaldoly Portugaliýa 2016-njy ýylda Ýewropanyň çempiony bolupdy.

Şeýlelikde 36 ýaşly hüjümçi 5 gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşan ilkinji futbolçy boldy.

ÝEWROPA ÇEMPIONATYNYŇ IŇ KÖP PÖKGI GEÇIREN FUTBOLÇYSY BOLDY

Kristiano Ronaldo Portugaliýa bilen Wengriýanyň arasynda Budapeşt şäherinde geçirilen Ýewro-2020 çempionatynyň duşuşygynda 2 gezek tapawutlandy. Şeýlelikde Ronaldo Ýewropa çempionatlarynda geçiren gollarynyň sanyny 11-e ýetirip, Platininiň (9) rekordyny täzeledi. Ol Ýewropa çempionatynyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

PORTUGALIÝANYŇ ULY HASAPLY ÝEŇŞI

Ýewro-2020 futbol bäsleşiginiň çäklerinde “F” toparynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Wengriýanyň Budapeşt şäherinde oýnalan duşuşykda Portugaliýa garşydaşy Wengriýany 3:0 hasabynda ýeňdi. Portugallar näçe erjel oýnasa-da, duşuşygyň soňky galan 10 minudyna çenli tapawutlanyp bilmedi. Portugaliýanyň gollary oýnuň 84-nji, 87-nji we 90-njy minutlarynda geçirildi. Ilki bilen Gerreýru tapawutlandy, soňra bolsa 84-nji minutda Ronaldo 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlandy we 90-njy minutda bolsa ýygyndysynyň 3-nji goluny geçirdi.

RONALDONYŇ UMUMY GOLLARYNYŇ SANY 106-A DEŇDIR

Ronaldo ýene-de bir rekorda golaýlaýar. Ol milli ýygyndynyň düzüminde geçiren duşuşyklarynda jemi 106 gol geçirdi. Häzirki wagtda bu ugurdaky rekord eýranly Ali Daýe degişlidir. Onuň gollarynyň sany 109-dyr. Ronaldo ýene-de 3 gol geçiren ýagdaýynda bu rekordyň hem eýesi bolar.

 

16-njy iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti 3-nji Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Pan Gi Mun Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga goşandyna ýokary baha berdi

Ronaldo iň köp girdeji gazanýan türgen

Bitaraplyk binasy döwrebaplaşdyrylýar

Aşgabatda Bitaraplyk zolagy dörediler

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri