TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ýewro-2020: rekordlar we sanlar

24 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionaty futbol janköýerlerinde uly gyzyklanma döredýär. Taryhynda ilkinji gezek bu ýaryş 11 dürli şäherde geçirilýär. Bu fubol ýaryşy gyzykly duşuşyklary bilen bir hatarda käbior rekordlary bilen hem ýatda galýar.

ÝEWRO-2020 SANLARDA 

  • 300 | Portugaliýany ýeňen Germaniýanyň milli ýygyndysy uly ýaryşlarda garşydaş toparlarynyň derwezesinden geçiren gollaryň sanyny 302-ä ýetirdi. Şeýlelikde germanlar iri ýaryşlarda 300 pökgüni derwezä girizen ilkinji Ýewropa döwleti boldy.
  • Finlýandi bilen Demirgazyk Makedoniýa taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşýar.
  • Angliýanyň milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempionatynda öz toparynyň ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandy. Iňlisler birinji duşuşygynda Horwatiýany 1:0 hasabynda ýeňdi.
  • Ýewropa futbol çempionatynda iň köp pökgi geçiren Kristiano Ronaldo Germaniýa bilen geçirilen oýnunda tapawutlanyp, täze rekord goýdy. Karýerasynda ilkinji gezek nemes toparynyň derwezesine gol geçiren 36 ýaşly Ronaldo dünýä çempionatynda we Ýewropa çempionatynda geçiren gollarynyň sanyny 19-a ýetirdi. Bu ugurda  Germaniýanyň öňki futbolçysy Miroslaw Klose bilen deňleşdi.
  • Kristiano Ronaldo bu çempionatda täze rekordlary goýmagy dowam edýär. Ol Ýewropa çempionatynyň iň netijeli futbolçysy boldy. Onuň Ýewropa çempionatyndaky gollarynyň sany 11-e deň bolup, bu ugurda 9 gol geçiren Mişel Platiniden öňse saýlandy.
  • Çehiýaly Patrik Şik uzak aralykdan gol geçiren futbolçy boldy. 1980-nji ýyldna bäri Ýewropa çempionatynda uzak aralykdan gol geçirilmändi. Patrik Şik Çehiýa bilen Şotlandiýanyň arasyndaky duşuşykda 45 metrden gol geçirdi.
  • Kaý Hawerts (22 ýaş 8 gün) Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropa çempionatynyň taryhynda gol geçiren iň ýaş futbolçy boldy.

 

Dünýä çempionaty üçin sanjym hökmany bolar

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle