TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Eriksen hemmeleri gorkuzdy, Russiýa ýeňildi

Futbol boýunça Ýewropa çempionaty dowam edýär. Düýn “A” we “B” toparynda duşuşyklar geçirildi.

“A” TOPARY: DEŇME-DEŇ OÝUN

Bu toparda Uels bilen Şweýsariýanyň milli ýygyndylary duşuşdy. Duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň gutardy. Şweýsarlar gowy oýun görkezse-de ýeňmegi başarmady. Duşuşygyňy 49-njy minutynda Şweýsariýanyň düzüminde Breel Embolo tapawutlandy. 74-nji minutda bolsa Uelsiň düzümindäki Kieffer Mur hasaby deňledi.

Şeýlelikde “A” toparda Italiýanyň 3 utugy, Şweýsariýa bilen Uelsiň 1, Türkiýäniň bolsa 0 utugy bar.

ERIKSEN HEMMELERI GORKUZDY: MEÝDANÇADA ÝÜREGI DURDY

Şeýle hem Ýewropa çempionatynyň “B” toparynda hem duşuşyklar geçirildi. Ilki bilen Daniýa bilen Finlýandiýanyň milli ýygyndysy duşuşdy. Finlýandiýanyň ýygyndysy ilkinji gezek şeýle uly ýaryşa gatnaşýar.

Duşuşyk garaşylmadyk hadysa bilen hemmeleri gorkuzdy. Daniýanyň milli ýygyndysynyň güýçli futbolçylaryndan, ýarymgoragçysy Kristian Eriksen duşuşygyň birinji ýarymynyň tamamlanmagyna birnäçe minut galanda huşuny ýitirip, ýere ýykyldy. Ilki bilen onuň topar ýoldaşlary kömege ylgady, soňra topary lukmanlary meýdança gyssagly çagyryldy.

Lukmanlaryň öz wagtynda beren kömegi bilen Eriksen halas boldy. Onuň ýüreginiň durandygy aýdyldy. Meýdançada hassahana äkidilen Erikseniň ýagdaýynyň durnuklydygy hem-de gürleşip bilýändigi mälim edildi.

Ilki bilen duşuşyk ýatyryldy. Soňra täzeden dowam etdi. Daniýanyň milli ýygyndysy gowy oýun görkezen hem bolsa ýeňip bilmedi. Filnýandiýanyň milli ýygyndysy geçiren Ýewropa çempionatyndaky ilkinji goly bilen garaşylmadyk ýeňiş gazandy.

BELGIÝA RUSSIÝA 3:0 HASABYNDA ÝEŇDI

“B” toparynyň beýleki duşuşygynda Belgiýa bilen Russiýanyň milli ýygyndylary duşuşdy. Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen duşuşykda Belgiýanyň ýygyndysy 3:0 hasabynda ýeňdi. Belgiýanyň düzüminde Romelu Lukaku 2 gezek hem-de Menuer tapawutlandy.

Şeýlelikde, “B” toparynda Belgiýa bilen Finlýandiýanyň 3 utugy, Russiýa bilen Daniýanyň 0 utugy bar.

Düýn geçirilen duuşyklaryň netijeleri:

“A” topary: Uels-Şweýsariýa   1:1

“B” topary: Daniýa – Finlýandiýa   0:1

                 Belgiýa – Russiýa:      3:0

 

Owganystan boýunça türkmen-ýapon maslahatlaşmalary geçirildi

Ýene-de okaň

Ýaşyl meýdançanyň ýyldyzynyň ekologiýa zyýany

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Teswirle