TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Daniýa ilkinji çärýek finalçy

Futbol boýunça Ýewropa çempionaty dowam edýär. Şu gün 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Onda Daniýanyň milli ýygyndysy bilen Uelsiň ýygyndysy duşuşdy.

Daniýanyň ýygyndysy 4:0 hasabynda ýeňip, 1/4 finala, ýagny çärýek finala çykan ilkinji ýygyndy boldy. Duşuşygyň ilkinji 15 minutynda Garet Beýlli Uelsiň ýygyndysy gowy oýun görkezen hem bolsa Daniýanyň ýygyndysy Kasper Dolbergiň 27-nji we 48-nji minutlarda, 88-nji minutda Ýoakim Meleniň hem-de 96-njy minutda Martin Breýyuetiň geçiren gollary bilen 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Daniýanyň ýygyndysy 1/4 finalda Niderlandlar-Çehiýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar. Daniýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soňra iri sport ýaryşynyň pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazandy.

Umuman, Daniýa üçin çempionat gowy başlady. Çempionatyň birinji duşuşygynda Daniýanyň ýarymgoragçysy Kristian Erikseniň meýdançada az salymlyk ýüregi durup, emele gelen pajygaly wakadan soňra yzly-yzyna 2 duşuşykda ýeňildi.

Soňra Daniýanyň ýygyndysy 3-nji duşuşygynda Russiýanyň ýygyndysy 4:1 hasabynda ýeňip, 2 oýunda ýeňlip, 1/8 final tapgyryna çykan ilkinji topar boldy.

Bilşimiz ýaly, Daniýa 1992-nji ýylda Ýewropa çempionatyny gazanypdy. Şonda daniýalylar garaşylmadyk netije görkezipdi.

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ösdürmäge taýýardyrys

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle