TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Angliýa bilen Horwatiýa indiki tapgyrda

Ýewropa çempionatynda indiki tapgyra çykan milli ýygyndylaryň kerwenine Angliýa bilen Horwatiýa hem goşuldy.

Düýn “D” toparynyň duşuşyklary geçirildi. Angliýa bilen Çehiýanyň, Horwatiýa bilen Şotlandiýanyň ýygyndylary duşuşdy.

Angliýanyň ýygyndysy Uembli stadionynda Çehiýany 1:0 hasabynda utup, toparda birinji orun bilen indiki tapgyra çykdy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 12-nji minutynda ýene-de Rahim Sterling geçirdi.

Umuman, Angliýanyň ýygyndysy bu çempionatda 3 duşuşykda bary-ýogy 2 gol geçirdi. Olaryň ikisinem Sterling öz adyna ýazdyrdy. Iňlisler Horwatiýany 1:0, Çehiýany 1:0 hasabynda utup, Şotlandiýa bilen 0:0 deňme-de oýnady.

HORWATLAR MODRIÇ BILEN INDIKI TAPGYRDA

Horwatiýanyň milli ýygyndysy bolsa Luka Modriçiň erjel görkezen oýny bilen indiki tapgyra çykdy. Bu duşuşykda Horwatiýa 3:1 hasabynda utdy. Horwatlar 17-nji miutda Nikola Wlasiç, 62-nji minutda Luka Modriç hem-de 77-nji minutda Iwan Perisiçiň gollary bilen ýeňmegi başardy.

Şotlandiýa umuman, Ýewropa çempionatyndaky ýeke-täk goluny bu duşuşykda geçirdi. Ony hem 42.-nji minutda Kallum Makkregor öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, Angliýa 7 utuk, Horwatiýa bilen Çehiýa 4, Şotlandiýa 1 utuk gaznayp bildi.

Umuman, häzire çenli Ýewropa çempionatynda indiki tapgyra çykan milli ýygyndylar: Italiýa, Uels, Belgiýa, Daniýa, Niderlandlar, Awstriýa, Angliýa we Horwatiýa.  

 

Türkmenistan Russiýa tebigy gaz eksportuny ýokarlandyrdy

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Teswirle