JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: 19-njy iýundaky duşuşyklar

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda “E” hem-de “F” toparynyň duşuşyklary geçiriler. Şu gün gyzykly duşuşyklara garaşylýar.

“F” TOPARY: RONALDO TÄZE REKORDLAR GAZANYP BILERMI?

SAGAT 18:00: FRANSIÝA – WENGRIÝA (BUDAPEŞT)

Birinji duşuşygynda ýeňiş gazanan dünýä çempiony Fransiýa ýeňiş gazanan ýagdýaynda by kyn topardan indiki tapgyra çykmaga uly mümkinçilik alar. Fransuzlar birinji duşuşykda Germaniýanyň ýygyndysyny ýeňmegi başarypdy.

SAGAT 21:00: PORTUGALIÝA – GERMANIÝA (MÝUNHEN)

Çempionata ýeňliş bilen başlan Germaniýanyň ýygyndysyna diňe ýeňiş gazanmak gerek. Olaryň garşydaşy bolsa Ýewropa çempionatynyň soňky çempiony Ronaldoly Portugaliýanyň ýygyndysydyr.

“E” TOPARY: ISPANLARA DIŇE ÝEŇIŞ GEREK

SAGAT 00:00: ISPANIÝA – POLŞA (SEWILÝA)

Ýewropanyň iki güýçli ýygyndysyna hem bu duşuşykda ýeňiş gazanmak zerurdyr. Ispanlar birinji duşuşykda deňme-deň oýnan bolsa, polýaklar ýeňlipdi.

 

 

Ýewro-2020: Angliýa ýeňiş gazanyp bilmedi

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir