TEHNOLOGIÝA

Ýeriň gara gutusy dörediler

2022-nji ýylyň ahyryna çenli Awstraliýanyň Tasmaniýa adasynyň günbatar kenarynda adamzat siwilizasiýasynyň soňky onýyllyklarynda maglumatlary ýazga aljak “Ýeriň gara gutusy” gurlar. Bu barada ABC ýaýlym korporasiýasy tarapyndan habar berildi.

Desgany döredijileriň – Tasmaniýa uniwersitetiniň alymlarynyň pikiriçe, “Ýeriň bozulmaz gara gutusynyň” wezipesi, adamzadyň ekologiki betbagtçylyga ýakynlaşmak üçin ädýän ähli ädimlerini resminamalaşdyrmak, planetamyzyň geljekki ýaşaýjylary, ýyllar geçenden soň, ýitip giden siwilizasiýanyň nämä sebäp bolandygyna düşünmägine mümkinçilik berer.

Polatdan ýasaljak bu gurluş, şäher awtobusynyň ululygynda bolar. Içinde atmosferadaky kömürturşy gazynyň derejesi we ortaça ýyllyk temperatura ýaly howanyň üýtgemegi barada maglumatlar saklanar. Daşynda ýerleşdiriljek gün panelleri, gara gutyny energiýa bilen üpjün edýär. Onlaýn tertipde global ýylylyk barada ähli maglumatlary internetde ýygnar we ýazga alar.

Gara gutynyň gurluşygy 2022-nji ýylyň ortalarynda başlar, ýöne ýazgylara eýýäm başlandy we ol noýabr aýynyň başynda Glazgoda geçirilen BMG-nyň daşky gurşaw baradaky maslahaty başlangyç nokat boldy.

 

Baýram Jütdiýew: Watan waspy senasy

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy