TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Ýer  böleginde gurlan ýaşaýyş jaýlar: Gerekli resminamalar

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen ýer böleginde gurlan ýaşaýyş jaýyna bolan eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin gerekli resminamalaryň sanawy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň web saýtynda berilýär.

1). Arza (eýesi ýa-da onuň wekili tarapyndan);

2). Pasport;

3). Ýer bölegini bermek barada häkimiň karary;

4). Ýer serişdeleri edaralarynyň  resminamalary (Döwletnama, Şahadatnama);

5). Tehniki tükelleýiş edarasynyň resminamalary (Obýektiň tehniki pasporty);

6). Ýaşaýş jaýy ulanmaga kabul etmek barada Döwlet kabul ediş toparynyň resminamasy

7). Hukuk belleýji resminama (satyn almak-satmak, sowgat etmek şertnamasy we ş.m.);

8). Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama;

BELLIKLER:

Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar.

Obýektiň tehniki pasporty – Tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan taýýarlanylýar.

Ähli resminamalar asyl we göçürme nusgalarda berilmelidir.

Döwletnama we Şahadatnama üçin degişli ýer serişdeleri edaralaryna ýüz tutmaly.

 

Gozgalmaýan emläk boýunça onlaýn hyzmatlar

 

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle