TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ýene-de bir argentinalynyň gözýaşy: futbol bilen hoşlaşyk

Argentinanyň dünýä futbolyna gazandyran meşhur futbolçylaryň hatarynda soňky ýyllarda Lionel Messini, Serhio Aguerony, agzamak bolar.

Şu ýylyň tomsunda “Barselona” toparyny taşlap, Fransiýanyň “PSŽ” toparyna geçen Lionel Messiniň metbugat ýygnagynda döken gözýaşlary köp sanly futbol janköýerleriniň ýüreginde baky orun alypdy.

Indi bolsa, ýene-de bir argentinalynyň gözýaşy futbol dünýäsinde öz ornuny aldy. Ol hem saglyk ýagdaýy sebäpli mejbury ýagdaýda futboly taşlamaly bolan Serhio Aguerodyr. Lionel Messiniň ýakyn dosty Aguero köp ýyllaryň dowamynda Angliýanyň “Mançester Siti” toparynda oýnap, şu möwsümde “Barselona” toparyna geçipdi.

Emma oňa bu toparda kän oýnamak miýesser etmedi. Ol ýüregindäki näsazlyklar sebäpli futbol bilen hoşlaşmaly boldy.

Aguero bu barada metbugat ýygnagyny geçirip, şol ýerde mejbury ýagdaýda futboly taşlaýandygyna gynanyp, gözýaş dökdi.

Ol bu metbugat ýygnagyny futbol karýerasyny tamamlaýandygy üçin gurnandygyny belläp geçdi. Ol kyn döwri başdan geçirýändigini belläp, bir aý mundan ozal, ýüze çykan saglyk näsazlyklary sebäpli futboldan daşlaşmaly boljakdygyny belledi.

Aguero 30-njy oktýabrda “Alawes” bilen geçirilen duşuşykda ýürek agyrysy zerarly meýdançada kynçylyk çekipdi. Şondan bäri hem bejergi alyp gelýän Agueronyň 3 aýda näsazlykdan saplanjakdygy mälim edildi. Ýöne ýagdaý çynlakaý bolup çykdy we futboly taşlamaly boldy.

Ol “Barselona” toparynyň düzüminde 5 duşuşykda oýnap, 1 gol geçirdi.

33 ýaşly Aguero futbol ýolunda “Independente”, “Atletiko”, “Mançester Siti” we “Barselona” toparlarynda oýnady. Ol Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2008-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynda çempion bolupdy. 2021-nji ýylda hem Messi bilen Kopa Amerika Kubogyny gazandy.

Serhio Aguero futbol durmuşyny 802 duşuşykda geçiren 436 goly bilen tamamlady.

 

“Omikron”: täze görnüş-täze çäklendirmeler

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle