Ýene-de 8 ýurda uçar gatnawlaryny ýola goýýar

Russiýa Federasiýays koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly çäklendirmelerden soňra kem-kem-den halkara uçar gatnawlaryny ýola goýup başlady. Ýurduň hökümeti ýene-de 8 döwlete uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagyna rugsat berdi.

Şeýlelikde, rus awiakompaniýalary islege görä Awstriýa, Wengriýa, Liwan, Lýuksemburg, Mawrikiýa, Marokko hem-de Horwatiýa uçar gatnawlaryny amala aşyryp biler. Şeýle hem albaniýa bilen çarter uçar gatnawlaryny ýolga goýmaga mümkinçilik döredildi. Bu barada şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda koronawirus ýokanjyna garşy göreş boýunça adatdan daşary topar degişli çözgüt kabul etdi.

Häzirki wagtda Russiýadan Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Hindistan, Islandiýa, Gazagystan, Meksika, Portugaliýa, Saud Arabystany, Wýetnam, Wenesuela, Gresiýa, Germaniýa, Singapur, Serbiýa, Efiopiýa, Katar, Gyrgyzystan, Günorta Koreýa, Müsür, BAE, Şweýsariýa, Şri-Lanka, Özbegistan, Finlýandiýa, Ýaponiýa, Maldiwler, Malta, Kuba, Seýşel adalary ýaly ýurtlara halkara gatnawlary täzeden başlandy.

Okap bilersiňiz  Gyzykly maglumat: faks öň döräpmi ýa-da telefon?

Şeýle hem, Russiýa Gresiýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Katar, Özbegistan we Täjigistan, şeýle hem Müsür we Serbiýa ýaly döwletlere yzygiderli gatnawlaryň sanyny artdyrýar.

 

Sarri “Lasio” toparyna tälim berer

ÝENE-DE OKAŇ

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlady. Düýn gije 00:00-da ilkinji duşuşyk geçirildi. "A" toparda çykyş edýän Italiýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. ITALIÝADAN TARYHY REKORD Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri, resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda bassyr 28 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Bu ýurduň taryhyndkay täze bir rekorddyr. Bu döwürde...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär.
Okap bilersiňiz  Ýewro-2020 futbol çempionaty badalga alýar
Geljek ýyllarda...
Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek Medeniýet hepdeligi hem-de baýramçylyk açylyş dabaralary barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatyndaky döredijilik çäresi we onuň maksatnamasy barada aýdyldy. Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň,...
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sementiň täze görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy. “Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak...
Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmaga, dünýädäki iň iri Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça hasabat berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berlişi ýaly, häzirki...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
833TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar