SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýene-de 8 ýurda uçar gatnawlaryny ýola goýýar

Russiýa Federasiýays koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly çäklendirmelerden soňra kem-kem-den halkara uçar gatnawlaryny ýola goýup başlady. Ýurduň hökümeti ýene-de 8 döwlete uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagyna rugsat berdi.

Şeýlelikde, rus awiakompaniýalary islege görä Awstriýa, Wengriýa, Liwan, Lýuksemburg, Mawrikiýa, Marokko hem-de Horwatiýa uçar gatnawlaryny amala aşyryp biler. Şeýle hem albaniýa bilen çarter uçar gatnawlaryny ýolga goýmaga mümkinçilik döredildi. Bu barada şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda koronawirus ýokanjyna garşy göreş boýunça adatdan daşary topar degişli çözgüt kabul etdi.

Häzirki wagtda Russiýadan Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Hindistan, Islandiýa, Gazagystan, Meksika, Portugaliýa, Saud Arabystany, Wýetnam, Wenesuela, Gresiýa, Germaniýa, Singapur, Serbiýa, Efiopiýa, Katar, Gyrgyzystan, Günorta Koreýa, Müsür, BAE, Şweýsariýa, Şri-Lanka, Özbegistan, Finlýandiýa, Ýaponiýa, Maldiwler, Malta, Kuba, Seýşel adalary ýaly ýurtlara halkara gatnawlary täzeden başlandy.

Şeýle hem, Russiýa Gresiýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Katar, Özbegistan we Täjigistan, şeýle hem Müsür we Serbiýa ýaly döwletlere yzygiderli gatnawlaryň sanyny artdyrýar.

 

Sarri “Lasio” toparyna tälim berer

Ýene-de okaň

2026-njy ýyl — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Saglygy goraýyş ýyly

Türkmenistanly raýatyň çagasy Minskde 2026-njy ýylyň ilkinji täze doglan çagasy boldy

Beýik Britaniýa zyýanly iýmitleriň mahabatyny gadagan etdi

Täze ýylyň ilkinji çagalary: Merkezi Aziýa ýurtlarynda çaga dogluşynyň ösüşi

Özbegistanda Täze ýylyň ilkinji gününde 1815 çaga dünýä indi

Türkiýe hytaýly syýahatçylar üçin wizany ýatyrdy