JEMGYÝET

Ýelizaweta II diňe iki ýagdaýda tagtdan ýüz öwrüp biler

Beýik Britaniýanyň şazenany Ýelizaweta II özüni tagtdan ýüz öwürmäge eltip biljek iki ýagdaý barada düşündiriş berdi.

Biograf Metýu Dennisonyň nygtamagyna görä, şazenan bu mesele babatynda ýakyn garyndaşy Margaret Rouds bilen pikir alyşdy. Aýdylyşy ýaly, Ýelizaweta II garyndaşyna ýazan hatynda tagty diňe insult ýa-da Alsgeýmer keseline sezewar bolsa terk edip biljekdigini aýtdy.

Başga ýagdaýda onuň tagtdan ýüz öwürmegine hiç bir sebäp ýok. Ol öz borjuny bütin ömrüniň dowamynda berjaý etmäge taýýar.

Ýeri gelende aýtsak, Ýelizaweta II 1952-nji ýylyň 6-njy fewralynda ― 25 ýaşynda tagta çykdy. Ol Beýik Britaniýanyň taryhynda tagtda iň uzak wagtlap oturan Hökümdardyr. Şol bir wagtda ol dünýä boýunça hem iň uzak wagtlap hökümdarlyk eden şahsyýet we dünýäniň iň ýaşuly ýolbaşçy hasaplanylýar.

 

Bitkoin milli pul birligine öwrülip barýar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar