DÜNÝÄ

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde iş saparynda bolýar. Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşar.

Şu gün, 15-nji iýulda Turkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar bu duşuşygyň öz wagtyndalygyny we netijeliligini belläp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we ynsanperwer ugry boýunça özara hereketleriň derejesine seredildi. Taraplar saglygy goraýyş, ekologiýa, ulag we bilim ýaly ulgamlar boýunça amala aşyrylýan häzirki we geljekki taslamalara syn berdiler.

Sebitleýin we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine aýratyn üns berildi. Diplomatlar sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin daşary syýasat ugry boýunça hereketleriň utgaşdyrylmagynyň güýçlendirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Şu nukdaýnazardan Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen döredilen hyzmatdaşlyk gurallarynyň netijeliligi tassyklandy.

DaÅŸkentde “Ğ¡5+1” formatyndaky nobatdaky duÅŸuÅŸyk guraldy

Ýene-de okaň

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler