TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýaşlar ýurduň ýagty geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 19-njy martynda wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler. Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň, ähli ylym-bilim edaralarynyň kompýuterler, dünýä derejesine laýyk gelýän täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi netijesinde bu ugurda uly ösüşler gazanylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda bilim ulgamy düýpli kämilleşdirilýär, ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň, ýagny okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary, wezipeleri, görnüşleri, usullary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öň­de goýlan wezipelere, «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», şeýle hem «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy-tehnologik taýdan sazlaşykly ösüşine, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de ykdysadyýetimizi ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge niýetlenilip, bu ugurda ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmegi, giň gözýetimli, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Ata Watanymyzyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagyna, syýasat, ykdysadyýet, hu­kuk, in­že­ner­çi­lik, san­ly ul­gamlar, taryh, dil we edebiýat, sungat ugurlary boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegine berk baglydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň gymmatyna doly düşünýän nesilleri kemala getirmegiň ilkinji we möhüm şerti bolsa, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi we olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy bilen baglydyr. «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirilmesi hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Zähmet we Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi ýaly kadalaşdyryjy namalar bu ugurda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň hukuk binýadyny emele getirýär.

Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri kärhanalarda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty ýaşlaryň jemgyýete üstünlikli goşulyşmagyny we özlerini durmuşda netijeli ykrar etmeklerini üpjün edýän şertleri we mümkinçilikleri döredýär. Häzirki eşretli zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň okamagy, ylym öwrenmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň zehinli ýaşlary özleriniň döwrebap, ilhalar işleri bilen Diýarymyzda giň gerime eýe bolan taryhy özgerişleri mynasyp derejede wasp edip, bu beýik işleriň öz döredijilikli we halal zähmeti bilen baýlaşmagyna uly goşant goşýarlar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň ähmiýetini dünýä ýaýmakda, bagtyýar halkymyzyň agzybirligini, ýurdumyzyň abadançylygyny wasp etmekde türkmen ýaşlarynyň öňünde aýdyň wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň döredijilikli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Zehinli ýaşlaryň arasynda meşhurlyga eýe bolan döredijilik bäsleşikleri, şol sanda Ýaşlar baýragyny almak boýunça yglan edilýän bäsleşik ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna, olaryň hünär ussatlygynyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary ylma, bilime yhlasly ýapyşýarlar, medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp, täze döwrebap tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýärler, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. «Mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýär» diýýän Gahryman Arkadagymyz türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Ol ynam bolsa ýaşlaryň kalbynda egsilmejek uly güýç bolup orun alandyr.

Milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik işlerini ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekde, agzybirligiň, halal zähmetiň, päk ahlagyň, kämil bilimiň, milli ruhy-medeni gymmatlyklaryň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň gadyr-gymmatyny düşündirmekde işeňňirlik görkezýän türkmen ýaşlaryna hemmeler guwanýar we buýsanýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri halk hojalygynyň ähli ulgamlary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ýaly wajyp wezipäni üstünlikli berjaý edýärler. Ylymly-bilimli nesil jemgyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýär. Hut şu belent maksatlaryň netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy tilsimatlardan baş çykarýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip bilýän hünärmenleriň täze nesli kemala getirilýär. Türkmenistanda ylym-bilim ulgamynyň dolandyrylyşy, maliýeleşdirilişi, gurluşy, hukuk binýady tapgyrma-tapgyr döwrebaplaşdyryldy.

Bilimiň täze, has belent sepgitlere ýetirilmegi ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine degişli köpugurly şertleri kemala getirdi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryndan işjeň ýagdaýda peýdalanylmagy ösüşleriň gazanylmagyna we döwletimiziň hemmetaraplaýyn rowaçlanmagyna, önümçiligiň döwrebap düzümleriniň döredilmegine mümkinçilik berdi.

Arzuw Janmyradowa, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

Çempionlar ligasynyň finaly: “Liwerpul” – “Real Madrid”

 

Ýene-de okaň

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Ýaşlar – eziz Watanymyzyň geljeginiň gurujylarydyr

Teswirle